Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşmak üçin Astana bardy

2024-09-17

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

TDH-nyň habar bermegine görä, paýtagtyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar.

Horamtly Prezidentiň uçary Gazagystan Respublikasynyň paýtagty – Astana uçuşy amala aşyryp, Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.