Aşgabatda Halkara elektrik aragatnaşyk birleşiginiň geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalaryna bagyşlanan forumy öz işine başlady

2026-06-29

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Halkara elektrik aragatnaşyk birleşigi (ITU) tarapyndan bilelikde guralan «Geljegiň aragatnaşyk tehnologiýalary» (Future of Connectivity) atly iki günlük forum öz işine başlady. 29–30-njy iýunda Aşgabatda geçirilýän forum GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, düzgünleşdiriji düzümleriniň, telekommunikasiýa kompaniýalarynyň we ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemledi.

 

Forumuň esasy mowzugy häzirki zaman aragatnaşyk torlaryny we sanly infrastrukturany ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanýar. Gatnaşyjylar Wi-Fi 6/7/8 standartlarynyň ornaşdyrylmagy, LEO, MEO we GEO hemra aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, Direct-to-Device göni birikdiriş mümkinçilikleri, şeýle hem telekommunikasiýa torlaryny dolandyrmakda emeli aňyň ulanylmagy barada pikir alyşýarlar.

Forumyň aýratyn mejlislerinde ulag infrastrukturasyny ösdürmek, hususy öýjükli aragatnaşyk torlaryny ulanmak hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary ykjam aragatnaşyk ýygylyklarynda peýdalanmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar.

Forumda telekommunikasiýa we sanly özgertmeler ugrunda iş alyp barýan halkara bilermenler çykyş edýärler. Olaryň hatarynda Ubiquitous Wireless LLP kompaniýasynyň tehniki direktory Wadim Poskakuhin (Gazagystan), GSMA Eurasia guramasynyň tehniki ugrunyň ýolbaşçysy Konstantin Sawin we RIPE NCC guramasynyň internet howpsuzlygy hem-de arabaglanyşyk boýunça uly geňeşçisi Waan Owsepýan bar.

Forum jemleýji tegelek stol maslahaty bilen tamamlanar. Onda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanda häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň amaly mümkinçiliklerine gararlar.