5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

2026-06-28

Arkadag şäheriniň aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasynyň işe girizilmegi bilen ýurduň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäheriň döwrüňdir dünýäniň täzeçillikleri bilen aýakdaş gidýändigini, barha kämilleşýändigini aňladýar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Arkadag şäheri «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň, ekologik taýdan arassa, sagdyn gurşawy döretmegiň iň gowy tejribelerini bir ýere jemleýär. 5G-niň maglumatlary geçiriş tizligi sekuntda 20 gigabite ýetse, her inedördül kilometre million sany gurluşy birikdirip bolýar. 4G+ bilen deňeşdirilende, onuň tizligi 20 esse ýokarydyr. Bu günki gün täze şäheriň hemme ýerinde doly elýeterli bolan mobil aragatnaşygyň 5-nji nesli edara-kärhanalaryň işini tiz we oňaýly dolandyrmaga, sanly hyzmatlardan çalt peýdalanmaga mümkinçilik berer. Onuň geçirijilik ukyby ýokary tizlikli interneti talap edýän programma üpjünçilikleriniň ýeňil işledilmegini, birbada müňlerçe enjam arkaly interneti bökdençsiz ulanmagy üpjün edýär.

Arkadag şäheriniň şertlerinde 5G tehnologiýasy bilim maglumatlaryny ýokary tizlikde alyşmaga, önümçilikde enjamlary sanly ulgamyň kömegi bilen tiz dolandyrmaga, «akylly» şäher konsepsiýasynyň täze aýratynlyklaryndan peýdalanmaga, telegepleşikleri 4K formatda göni ýaýlyma bermäge, telemedisina amallaryny ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Munuň özi döwletiň ykdysady-innowasion kuwwatyny, ösüş mümkinçiliklerini görkezýän bu ajaýyp şäheriň gurluşygynda islendik meseläniň ylmy taýdan jikme-jik öwrenilip, «akylly» şäher konsepsiýasyny amal etmek babatda diňe täze meýillere daýanylyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hiliniň yzygiderli gowulandyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.