2026-07-03
Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde, edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2026-njy ýyl esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda öý telefonlarynyň sany 5 müň 290 birlige ýeter. TMCELL öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlary bilen 4 müň 380 müşderi üpjün ediler.
Şäheriň ýaşaýjylary üçin «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyrmak ýaly iň döwrebap şertler elýeter edildi. Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýyş jaýlaryny we edaralaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek işleri mundan beýläk-de dowam etdiriler.