2026-11-25
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanda sanly özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahaty we sergisi hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergi we ylmy maslahaty öz işine başlady.
TDH-de habar berlişi ýaly, serginiň dowamynda Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we daşary ýurtly işewürleriň özara duşuşyklary geçirildi. Olarda ulag düzümlerini, maglumat tehnologiýalary ulgamlaryny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen gepleşikler hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikleri ýüze çykarmaga, işewürlik teklipleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle hem ýurduň degişli düzümleri bilen iri daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Dell Technologies Kazakhstan and Central Asia» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň «Школа 21» ilatyň biliminiň hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meýiller hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Canaan Creative Global Pte. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda häzirki zaman hasaplama tehnologiýalary we sanly infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we «USS Denizcilik ve Lojistik Tic. ve San. Ltd. Şti.» kompaniýasynyň arasynda portlary ösdürmek, logistika, flotdan peýdalanmak we gämi abatlamak ugurlarynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «JS International Korea» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.