Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «Turkmentel – 2026» halkara maslahatynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

2026-11-25

«Turkmentel – 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Akmämmedow we aragatnaşyk ministri H.Hudaýgulyýew, şeýle hem ministrligiň we oňa degişli kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyklarda Estoniýanyň «Proud Engineers OÜ» kompaniýasy we Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki Tehnologiýa we jemgyýetçilik instituty («Institute for Technology & Society of Rio») bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar sanly we maglumat tehnologiýalary ulgamynda geljegi uly taslamalary, tejribe alyşmak mümkinçiliklerini hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, «Huawei», «Thales Alenia Space», «Nokia», «China Energy Engineering», «Mitsubishi Corporation», «Lenovo», «Hyundai Engineering», «MSK Mobile», «Delta Telecom», «Adex Innovation», «R.I.D. Battery» we «TNS-Plus» ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşyklarda aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudagyny ösdürmäge, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de özara bähbitli esasda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.